Ýüregi bolmasa adamyň eger,
at başynyň gürrüňi däl, elbetde,
taýçanagyň başy ýaly bolmanda,
ýa-da owlak-guzyň kellesi ýaly,
garaşma sen ondan dogruçyl gepe,
ýü gürrüňe, gerek wagty edilýän...
Hökümet, han ogurlasa,
ogurlygy agzama hiç,
ýa kanunlar basgylansa,
ýykylýança, bolsa-da giç,
gözüňi ýum gödege sen,
saýlawlary saýlaw ýaly
Sen olary görýärsiň,
synlaýarsyň uzakdan,
diňleýärsiň kämahal,
ýöne uzak çydaman,
sem edýärsiň seslerin,
sebäbi bir, atlary
Agyry, azary, iýýän içiňden,
dynaýyn-la diýip, gark etmek üçin,
ýa unutmak üçin gaýgy-aladaň,
sen içmegi öwrenersiň ürç edip,
emma olar öwrenerler ýüzmegi,
sen çekmegi öwrenersiň, belki-de...
Gurban, seniň bu boluşyň bolanok,
az gördüňmi öňkiň ýykan jaýlaryn,
näme etdi türkmen size, ozalky
urulany, gyrylany azmydy,
Gurban, seniň bu boluşyň bolanok,
ýeňlet iliň agyr düşen ýazgydyn!
Diktatoryň aýagynyň astynda
tahýasy trýapka boldy türkmeniň,
özi boldy gynanylýan mähelle,
ol gelene gel diýerdi işikden,
näçe bolsa, gaşyn çytman sähel-de,
saçagyny giňden ýazyp, baryny
Men indi ol öňki sada oglan däl,
tanyşlara, nätanyşa, kesekä,
adam bolsa, adam ornunda goýup,
elden gelen ýagşylygym edemok,
kösenemok, ýitiremok wagtymy,
gel diýseler, ýola çykyp gidemok...
Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.
Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.
annagurban.com copyright © 2006-2024