Türkmen halky galmasynHer görene dil bolup!
Türkmen halky ozal nijeme kynçylygy gören. Gadymyýetde bolan elhençlikleri hasap etmäniñde-de, Nyýazowyñ halkyñ başyna getiren günem – bir halky ýok edip biljek zulum. Ýöne şu günlerem Türkmenistanda bolýan hadysalar diktator Nyýazow döwrüni ýatladýar. Ýurdy ösdürmegiñ, halkyñ hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyñ aladasy edilenok. Bitaraplyk gury söze öwrüldi, orsuñ ähli edaralary süssenekleşip, ýene yzlaryna geldi! Nämüçin? Olaryñ bizi ozalky talanlary azmy? Bu meselede täze prezident Nyýazowdanam gowşak görünýär. Garaşsyz, asuda ýurtda ýaşamak türkmene nesip etjek dälmikä? Üstesine-de adamlary korrupsiýa, parahorluk halys aljyradyp barýar, baran ýeriñ – para-peşgeş, kireýsiz kilim kakylanok. Paranyñ möçberem gün-günden ösýär. Alym-berime ýatan bir topar ýurt ýykanlar bolsa, ýurtda özlerinden özge ynsan bardyr öýdenoklar. Olar bilip dur, wagty barka nähile ýagdaý bilenem bolsa baýlaşmaly, olary näme ýurduñ, milletiñ ykbaly gyzyklandyrýarmy?! Meselem, Mary etrabynyñ Şatlyk şäheriniñ ýaşaýjylary göz-görtele bolup geçýän bikanunçylyklary görüp, haýranlar galýarlar. Olar gaz edarasyna degişli turbalaryñ Aşgabadyñ gurluşygyna gerek diýlip talanyp äkidilişiniñ şaýady bolýarlar. Emma munuñ nämüçin beýdilýändigine hiç düşünip bilenoklar. - Şol turbalaryñ gymmat bahadan amerikan dollaryna satyn alynýandygyny ýerli ýolbaşçylar, etrap wekilleri bilmeýärlermikän? - diýen soragyma: - Wah, bilip añyrsyna geçýäler! Olaryñ barysy dil duwşüp, haram pul gaznýarlar! – diýip, ýerli ýaşaýjylañ biri jibrinýär. Şeýle bikanunçylyklaryñ bolup geçýänligini meniñ özümem gözüm bilen gördüm. Ýurtda arassaçylyk barada-ha asla gürrüñem edip oturmaly däl. Arassaçylyk hapaçylyga öwrülip barýar. Sebäbi zerur işler geçirilenok, geçirilse-de senden – maña barýança edilýär. Gedaýçylyk edip oturan 60-70 ýaşly gojalary göreñde, iniñ dyglap gidýär! Garaşsyzlyk şu bolsa, altyn asyr şu bolsa, baknalyk, mis asyr nähilikä?! Işsizlik, neşekeşlik, jelepçilik, bu zatlara indi gündelik zatlara dönüpdir. Toý tutulsa indi neşesiz/geroinsiz toý geçmeýär diýseñ, ýalñyş bolmaz. Neşe halkyñ gäbini azdyrdy. Tutulýan toýlarda neşäñ güýjüne zowladýan bagşysumaklaryñ sany ummadan çykdy. Olar neşe çekensoñlar, suwjuklygam artýar. Aýal-gyzlardan bolan aýdymçylaram suwjuklykda erkeklerden kem galmajak bolup, edil ýaryşa giren ýaly. Çaýkanman asyl aýdym aýdyp bilenoklar. Açylan we açylýan kafe-barlarda bolsa, kanuna gabat gelmeýän ähli zatlary tapsa bolýar. Şol ýerlerde esasan ýokary derejede işleýän adamlaryñ çagalary dynç alýandyklary gizlin zat däl. Hatda organ işgärleri-de olara täsir edip bilmeýärler. Şeýle hadysalaryñ gowy zadyñ üstünden eltmejegini ýolbaşçysumaklaryñ bilýändigine, ýöne bu nogsanlaryñ garşysyna hiç hili göreşin ýoklugyny aýtmak gerek. Emma bu zatlar ýurt üçin ölüm howply zatlar dälmi nä? Umuman, ýurduñ haýsy künjegine barsañ, XXI asyrda, ýagny ozalky diktatoryñ ýaranjañlarynyñ hem özüniñ howaýy lakgyldaýşy ýaly, hamana altyn asyrda ýaşaýan, ýöne, dogrusyny aýtsañ, zordan ölmez-ödi gazanýan baba-daýhanlary görüp, gaýga batýarsyñ. Meniñ arzuwym – her bir türkmenistanly ýeñil maşynly bolmasa-da, arkaýyn zähmet çekip, günde öz öýünen örlemeli. Şäherlerimiziñ, obalarymyzyñ, bütin ýurdumyzyñ arassalygy, adamlaryñ beden saglygy üçin gündelik alada edilmeli. Bu zatlar bolsa, diñe adamlara, olaryñ hukuklaryna hormat goýulýan ýurdunda mümkin. Ýöne hiç bir hökümet, halk muny talap etmese, oña hak-hukuklaryny bermez. Diýmek, gowulyk üçin alada gerek! Öz hukugy üçin hemme adam göreşmeli. Öz ýurdy, öz geljegi üçin halkyñ özi göreşmese, kim göreşsin? Göreşsiz hiç haçan ýurt düzelmez. Adamlar, uklap ýatmañ, göreşe goşulyñ! Gorkmañ, bu parahat göreş, adam öz hak-hukugy üçin göreşmese, ondanam bir adam bolarmy?!
Diş lukmany diş bejersin,
Daýhan eksin ekini!
Bu dünýäde her adam
Götersin öz ýüküni!
Prezident bolmaz ondan
Sylamasa halkyny.
Aç-hor bolsa adamlar,
Bilmez, elbet, galkynyp.
Iş bitmez gury sözden ,
Geçi süýtsüz mälemez.
Dogry ýola düşse ýurt,
Türkmen halky nalamaz!
Şol sebäpden, adamlar,
Göreşeliñ il bolup!
Türkmen halky galmasyn
Her görene dil bolup!
Agzybirlik Halk Demoktratik Hereketi